Ýokary hilli binagärçilik taslamasy, bu diňe bir öň tarapynyň keşbiniň, içki jaýlaryň meýilnamast, timarlamalar boýunça çözgütler we timarlama materiallaryň reňk köplüginiň işlenip taýýarlanylmasy däl. Hakyky ussatlar taslama işlenip taýýarlananda topragyň görnüşini, landşaftyň aýratynlyklaryny, buýrujynyň isleglerini we ussat däller üçin beýleki köp sanly aýdyň däl nukdaýnazarlary hasaba alýarlar. Näme sebäpden binagärlik taslamalarynyň buýrujylary biziň toparymyz bilen işlemegi saýlaýarlar? Bu soragyň jogaby has ýönekeýdir – biz binagärlik taslamalarynynyň ýokary hilli, amatly möhletlerde we elýeterli bahalarda ýerlenmegini hödürleýäris. Biziň firmamyz bilen işleşmek, bu:
Biz taslamalary döretmäge toplumlaýyn we bütwei möçberli golaýlaşmagy ulanýarys. Biz islendik pikirleri we oýlanmalary iň amatly we üýtgeşik görnüşde durmuşa geçirip bilýäris. Biz ýüz tutmak bilen, siz ýokary derejeli hünärmenleriň eli bilen ýerine ýetirilen stilistik we adaty däl binagärlik taslamasyny almaga kepillik alýarsyňyz.
Eger-de siz berk we funksional ýaşaýyş jaýyny, senagat binasyny ýa-da durmuş pudagynyň desgasyny gurmak isleseňiz, onda bazarda özüni gowy tarapdan tanadan ynamdar gurluşyk kompaniýasyna ýüz tutmak gerek. Siz hem edil şu wagt şolar ýaly kompaniýanyň saýtynda ýerleşýäňiz! Biziň kompaniýamyz beýleki gurluşyk firmalardan näme bilen tapawutlanýar?
Biziň kompaniýamyz nähili gurluşyk binalaryny galdyryp bilýär? Şahsy tarapy hem, iri kompaniýany hem gyzyklandyryp biljek gurluşyk işleriniň hemme çygry diýen ýaly Biz tarapyndan gurşap alynýar: Ýaşaýyş jaý gurluşygy – kiçi binalary galdyrmak: hususy buýrujylar üçin kottejlerden we hojalyk jaýlardan başlap, iri maýadarlar üçin köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna çenli; Senagat gurluşygy – biz Siz üçin ammardan ýa-da söwda merkezden başlap, köp maksatly önümçilik toplumyna çenli islendik senagat desgasyny gurup bereris; Raýat gurluşygy – biziň hünärmenlerimiz raýat infrastrukturasynyň desgalarynyň (mekdepler, hassahanalar, saglyk öýleri we ş.m.) gurluşygy boýunça iň gowy görnüşde taslamalary ýerläp bilerler.
"Köşi" ýaşaýyş toplumynyñ 4-gatly ýaşaýyş jaýyñ gurluşygy
"Köşi" ýaşaýyş toplumynyñ 4-gatly ýaşaýyş jaýyñ gurluşygy.. doly oka
Abadanlaşdyrmak bilen 2 gatly kottejleriň gurluşygy we dizaýny, Aşgabat
Abadanlaşdyrmak bilen 2 gatly kottejleriň gurluşygy we dizaýny, Aşgabat .. doly oka
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa müdirliginiň binalary we desgalary toplumynyň gurluşygy
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa müdirliginiň binalary we desgalary toplumynyň gurluşygy .. doly oka
Balkan welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäheriniň toplumlaýyn bölüminiň we laboratoriýasynyň binasynyň gurluşygy
Balkan welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäheriniň toplumlaýyn bölüminiň we laboratoriýasynyň binasynyň gurluşygy .. doly oka
Abadanlaşdyrmak bilen 2 gatly kottejleriň gurluşygy we dizaýny
Abadanlaşdyrmak bilen 2 gatly kottejleriň gurluşygy we dizaýnydoly oka
"Galkan" sport merkeziniň we onuň desgalar toplumy, ş. Aşgabat
Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrliginiň "Galkan" sport merkeziniň we onuň desgalar toplumy, ş. Aşgabatdoly oka
Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrliginiň 1002-nji Harby Bölümi
Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrliginiň 1002-nji Harby Bölümidoly oka
Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrliginiň ýangyn howspuzlygy müdirliginiň binalar toplumynyň taslamasy
Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrliginiň ýangyn howspuzlygy müdirliginiň binalar toplumynyň taslamasydoly oka
Biziň esasy maksadymyz – ýokary hilli dünýä standartlaryna laýyk gelýän ulag hyzmatlaryny hödürlemek! Biziň tekliplerimiz korporatiw we şahsy müşderileriň talaplaryna laýyk gelýär. Hyzmatlaryň üýtgemeýän ýokary hilliligi iň täze tehnologiýalar we ownuk detallara üns bermegiň kömegi bilen saklanýar. Bularyň ählisi baý hünär tejribesi we hemişelik ösüş bilen bilelikde “Dor-Bedewi” daşamak bazarynda hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ýeketäk hödürleýjisi edýär. Biz diňe iň gowulary özümize çekýäris we kuwwatlaryny has hem açyp görkezmäge ýardam edýäris. Hut şeýle usul bilen ertirki günde islendik meseleler elinden gelip biljek topar döredilýär.
Her ýylyň aprel aýynyň iň soňky dynç gününde Türkmenistanda Ahal-teke bedewiniň – ýurduň milli gazanjynyň we buýsanjynyň güni bellenilýär. “Şa bedewi” diýlip atlandyrylýan ahalteke atlarynyň taryhy asyrlaryň jümmüşinden başlanýar. Türkmen arheologlary we taryhçylary atlar ilkinji gezek Türkmenistanyň çäginde 5 müň ýyla golaý mundan öň eldekileşdirilipdir diýen pikirde ylalaşýarlar. Türkmenler – dünýäde atçylyk bilen meşgullanýan iň gadymy milletleriň biri bolup durýarlar. Olar abadançylygyň we bolçulygyň nyşany hasaplanýardylar, ýöne şol bir wagtda olara hiç wagt alyş-çalyş serişdesi hökmünde seredilmeýärdi, sebäbi pähimliligiň, wepadarlygyň, dostlugyň bahasy bolmaýar. Hut şu häsiýetlere hem adybelli ahal-teke bedewleri eýedirler. Ahal-teke bedewleri barada aýdymlary, rowaýatlary düzýärdiler, olara ýagdygärlikler dikýärdiler. Türkmenler dünýä bahalandyryp bolmaýan sowgat berdiler. Olar ýöne bir owadanlygy bilen deňi taýy bolmadyk atlaryň tohumyny ösdürip ýetişdirmediler. Köp asyrlar mundan öň atlary eldekileşdirip, özüniň bir bölegini olara goýup, olar argamagy “meýdanda ýelden yza galmaz, ol dönüklik etmez we aldamaz” diýen ynamdar kömekçi we wepaly dost etdiler. Şu günki günde “Dor-Bedew” kompaniýasy çapyşyklaryň we atçylyk sportunyň klassiki görnüşleriniň çygrynda hyzmatlary hödürleýär: atlary satyn almak boýunça geleşiklerini alyp barmak, atlary seýislemek we çapyksuwarlaryň türgenleşikleri. “Dor-Bedew” kompaniýasynyň atlary ýurdumyzyň sport meýdançalarynda üstünlikli çykyş edýärler. “Dor-Bedewiň” hünärmenleriň atçylyk klublarynyň we aýlawlaryň taslamalaryny düzmekde, gurluşygynda we gaýtadan gurluşygynda, üstünlikli tejribesi, şeýle hem atçylyk-sport desgalaryny dolandyrmakda tejribesi bar. Biz işimizde ýaş atlaryň seýislenmegini, şeýle hem ýaş türgenleriň türgenleşiklerini aýratyn nygtaýarys.